logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Özbegistanda ilkinji gezek älem tehnologiýalarynyň halkara konferensiýasy geçiriler
  13.04.2023
1101
Özbegistanda ilkinji gezek älem tehnologiýalarynyň halkara konferensiýasy geçiriler

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «Türkmen Hemrasy» ÝGPJ (hemra aragatnaşygynyň milli operatory) resmi hemaýatkäri hökmünde 25-27-nji aprelde Daşkentde älem tehnologiýalarynyň halkara konferensiýasynyň geçirilmegini goldaýar.

Halkara konferensiýasyna 250 hünärmeniň gatnaşmagyna we 12-den gowrak ýurtdan älem agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň saparyna garaşylýar. Älem tehnologiýalary konferensiýasy, milli we sebit älem agentliklerini, şeýle hem Merkezi Ýewraziýanyň dürli künjeklerinden işewür wekilleri birleşdirmäge gönükdirilen çäredir.

Älem tehnologiýalarynyň halkara konferensiýasynyň geçirilmeginiň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygyna we maýa goýumlaryna, täze hemra tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşmaga, howpsuzlyk, maliýe we pudakdaky kadalaşdyryşa bagyşlanýar. Bu konferensiýany Özbegistan ikinji gezek geçirer.

25-27-nji aprel aralygynda geçiriljek älem tehnologiýalarynyň halkara konferensiýasyna Turksat (Türkiýe), ESRI (ABŞ), MonocoSat / SSI Monoko (Monako Patyşalygy), Contec (Günorta Koreýa), Eutelsat (Fransiýa), IAI (Ysraýyl), Synspective (Singapur), Intersputnik (Russiýa), SES (Şweýsariýa), Airbus (ABŞ), Thales (Fransiýa), Woyager (ABŞ) we ş.m. hemaýatkärlik etdiler. 

 

Hakberdi JUMAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.