logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Culture /Ösüşli ülkäniň toýly bahary
  28.03.2024
390
Ösüşli ülkäniň toýly bahary

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň görkana bahary gözelligi bilen göwünleri göterşi ýaly, toý-dabaralary bilen hem ýürekleri joşdurýar. Myhmansöýer türkmen topragy köp sanly daşary ýurtly myhmanlary öz goýnunda jemläp, dünýä ýüzüne halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, bagtyýar şu gününiň soňlanmajak waspyny ýetirýär. Şu ýyl gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreler uly şatlyk-şowhun bilen badalga aldy. “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat hem şol çäreleriň esasylarynyň biri boldy.

 

Şeýle toýly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy baradaky hoş habaryny halkymyza ýetirmegi her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy.

 

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda gadymy Änew şäheri özboluşly orny eýeleýär. Ady belli arheologlaryň neslinden bolan Luiza Pampelliniň irginsiz zähmeti esasynda geçen asyrda bütin ýer ýüzi Änew medeniýetiň ajaýyplyklary bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.  

 

Alymlaryň belleýşi ýaly, her bir künjeginde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary saklaýan hazynalar mesgeni bolan Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni almak bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeden şuglalanýar.

 

Gülkamar SAPAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.