logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Health /Ortostatik gipotoniýa näme?
  22.02.2025
1256
Ortostatik gipotoniýa näme?

Ýeriňden turanyňda başyň aýlanmagy we gözüň garaňkyrap gitmegi medisina dilinde "ortostatik gipotoniýa" diýlip atlandyrylýar. Bu ýagdaý, adatça, bedeniň ganyň paýlanyşyna gözegçilik edýän mehanizmleriniň doly işlemezligi sebäpli ýüze çykýar. Kähalatlarda bu wagtlaýyn we zyýansyz bolup biler, emma ýygy-ýygydan gaýtalanýan ýagdaýlarda ol saglyk meselesiniň bardygynyň alamaty bolup durýar.

 

Ortostatik gipotoniýanyň sebäpleri:

  1. Gan basyşynyň peselmegi (Ortostatik Gipotoniýa)
    Birden ýerinden turan wagty, dartgynlylyk ýa-da gan basyşynyň peselmegi sebäpli beýniniň kislorod bilen üpjünçiligi wagtlaýyn azalyp biler. Bu ýagdaý, esasan, uzak wagtlap oturan ýa-da ýatan adamlarda has ýygy duş gelýär.

  2. Awtonom nerw ulgamynyň bozulmalary
    Beýni we nerw ulgamy bedeniň gan basyşyny kadalaşdyrýar. Parkinson keseli, süýji keseli (diabet) ýa-da nerw ulgamynyň beýleki keselleri bu mehanizmi bozup biler.

  3. Ganazlyk (Anemiýa)
    Anemiýanyň netijesinde ganyň kislorod göterijilik ukyby peselýär. Netijede, beýniniň doly kislorod bilen üpjün edilmezligi başyň aýlanmagyna getirip biler.

  4. Gandaky glýukozanyň peselmegi (Hipoglikemiýa)
    Uzak wagtlap aç galmak, aşgazan asty mäziň insulin hormonyny artykmaç bölüp çykarmagy ýa-da süýji keseli bilen baglanyşykly ýagdaýlar gandaky glýukoza derejesiniň aşak düşmegine sebäp bolup biler. Hipoglikemiýa nerw ulgamynyň kadaly işlemegine päsgel berýär.

  5. Dehidrasiýa (Bedeniň suwuklyk ýetmezçiligi)
    Suwsuzlyk ganyň umumy göwrüminiň azalmagyna we gan basyşynyň peselmegine getirýär. Dehidrasiýa esasan köp derlemek, çalt suwuň ýitmegi ýa-da ýeterlik suwuklyk kabul etmezlik sebäpli ýüze çykýar.

  6. Gulak we deňagramlylyk meseleleri
    Içki gulakda ýerleşýän deňagramlylyk ulgamy (vestibulýar sistemasy) deňagramlylygyň saklanmagyna kömek edýär. Eger içki gulakda näsazlyk bar bolsa, onda başyň aýlanmagy we gözüň garaňkyrap gitmegi ýüze çykyp biler.


Ortostatik gipotoniýanyň nädip öňüni almaly?

  1. Ýuwaşlyk bilen hereket etmek
    Birden ýerinden turmak däl-de, ilki oturyp, soňra ýuwaşlyk bilen aýak üstüne galmak maslahat berilýär.

  2. Ýeterlik suwuklyk kabul etmek
    Günlik beden suwuklyk balansyny saklamak üçin ýeterlik mukdarda suw içmek möhümdir.

  3. Dogry iýmitlenmek
    Aşaky gan basyşynyň öňüni almak üçin deňagramly we beloklara baý iýmitleri iýmek maslahat berilýär.

  4. Dürli keselleri gözegçilikde saklamak
    Eger baş aýlanma alamatlary ýygy-ýygydan ýüze çykýan bolsa, onda süýji keseli, nerw ulgamy keselleri ýa-da ganazlyk ýaly ýagdaýlary barlamak üçin lukmana ýüz tutmak zerurdyr.

  5. Lukmançylyk barlaglary
    Ortostatik gipotoniýanyň takyk sebäbini anyklamak üçin lukmanlar gan basyş ölçemeleri, gan analizleri we nerw ulgamynyň barlaglaryny geçirip bilerler.


Ýeriňden turanyňda başyň aýlanmagy köp dürli sebäplere bagly bolup biler. Ol wagtlaýyn we zyýansyz bolup bilse-de, ýygy-ýygydan gaýtalanýan ýagdaýlarda saglyk bilen baglanyşykly düýpli meseleleriň alamaty bolup biler. Şonuň üçin bu alamatlar ünsden düşürilmeli däldir, lukmana ýüz tutup, zerur barlaglary geçirmek möhümdir.


Gülnara Saparmämmedowa
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň 
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.