logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Orazmuhammet Ustaýew: “Halkara ýaryşynda gazanan ýeňişim meni has-da buýsandyrýar”
  08.04.2024
689
Orazmuhammet Ustaýew: “Halkara ýaryşynda gazanan ýeňişim meni has-da buýsandyrýar”

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň olimpiýa sport şäherçesinde ýerleşýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türkmen türgenleriniň sylaglandyryş dabarasy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” ýanwar - aprel aýlarynda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenlere Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Şol baýraklara mynasyp bolan türgenleriň biri Türkmen Döwlet Bedenterbiýe we Sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby sportuň taekwando we ITF görnüşi boýunça sport ussady Orazmuhammet Ustaýew öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

 

 

“Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni hem-de olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenlermiziň halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanmaklyk üçin ähli amatly şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz ýaşlara örän uly ynam bildirmegi türgenlermiziň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara eýelemegi üçin ähli amatly şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halkara ýaryşynda gazanan ýeňişim meni has-da begendirýär, buýsandyrýar. Biz türgenleriň halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanmagmyz ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin".