logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Poetry /Ömür kitabynyň gizlin baby (Oýlanma)
  07.06.2022
1561
Ömür kitabynyň gizlin baby (Oýlanma)

Bu gün ýene öňümden çykdyň. Ýüregim köne endigine görä, saklanmagy haýyş etdi. Sägindim. Bu hereketime dergazap bolan aňym hyrra yzyma öwrülip, başga ýol bilen gitmegi buýurdy. Aňymyň emri güýçli bolansoň, ýürek çäresizlikden ýaňa gözlerimiň owasyny ýaşdan doldurdy. Emma özdiýenli aň onuň ýekeje damjasynyň hem ýere gaçmagyna ygtyýar bermedi.

Seniň bilen ilkinji gezek şu ýerde gabatlaşypdyk. Göwnaçyklyk bilen özüm söze başlapdym. Şonda bolşumy geňläpdiňem, dogrusy. Wagtyň geçmegi bilen köpräk gabatlaşyp, birek-biregi ýakyndan tanap ugradyk. Günleriň bir günem şu ýoluň ugrunda ýüregiňi açdyň. Söýgini diňe hindi kinolaryndan gözleýän halyma, gözlerime söýgi bilen bakyp durşuňa maýyl bolman bilmedim. Ine, bu-da meniň durmuşymyň düýpgöter özgermegine getirdi.

Söýginiň alyna düşüp, durmuş hakykatyny ýuwaş-ýuwaş ýadymdan çykaryp ugradym. Günlerim şeýle bir süýjedi. Men söýdüm. Özem akyl-huşdan, ähli zatdan geçip söýdüm. Hawa, ähli zatdan, öz arzuwlarymdan, öňümde goýan maksatlarymdan, hatda öz şahsy menimdenem. Adam öz şahsy menini ýitirensoň, näme galýar diýsene?! Aslynda-da, adamy birek-birekden tapawutlandyrýan zat onuň şahsy meni dälmi, näme?! Saňa gowy görünjek bolup, diňe seniň aýdanyň ugruna gitdim. Netijede? Netijede ähli gazanan zadym, seniň sözüň bilen aýtsam, «kiçijek ýalan». Ýöne şol kiçijek ýalanlaryň durmuşyma näderejede täsir edendigini göz öňüne-de getirip bilýän dälsiň.

Dogry, biwepalyk etmediň, ýöne şol kiçijek ýalanlaryň kömegi bilen özüňe bolan ynamy ýuwaş-ýuwaşdan ýok etdiň. Ynam ýitensoň, söýgi galjakmy diýsene?! Söýgini saklaýan iki sütün: ynam bilen hormat ahyryn. Ynam bolmadyk ýerde hormat hem ejizläberýär.

Maňa gaýtadan öz-özümi tapmak üçin wagt gerek boldy. Ýöne, hernäme-de bolsa, ejizlemedim. Täzeden aýaga galyp, arzuwlarymy, maksatlarymy, iň esasy hem, öz şahsy menimi dikeltdim. Ýöne senem unutmadym. Megerem, şonuň üçindir, bu gün saňa gabatlaşanymda az pursatlygam bolsa säginenim?!

Hawa, sen durmuş ýoluma nur çaýjak şamçyrag bolmadyň, ýöne muňa garamazdan, ömür kitabymyň gizlin babynda baky galarsyň.

Käbe SARENKO,
«Watan» radioýaýlymynyň işgäri.