Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Obasenagat toplumy ösüşiň rowana ýolunda
  02.05.2023
626
Obasenagat toplumy ösüşiň rowana ýolunda

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda täze eýýamyň rowaçly galkynyşy obasenagat toplumynda hem aýdyň duýulýar. Muňa bu iri pudakda ýylyň-ýylyna gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatynyň binýady bolan şeýle asylly başlangyçlar agrosenagat toplumynyň ösüşlerine ösüş goşýar. Halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesiniň gaýtadan dikeldilmegi bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmeklige şert döredýär.  Oba hojalyk ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, tohumçylyk işini kämil ýola goýmak, alynýan hasylyň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. Türkmen daýhanyna halal zähmet çekmäge, halal baýamaga döwlet tarapyndan ähli şertler döredilip berilýär, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemegini maddy taýdan höweslendirmek yzygider üpjün edilýär. Üstünlikli amala aşyrylýan şeýle oba hojalyk özgertmeleri ilatymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň has hem gowulanmagyna, azyk bolçulygyny döretmeklige giň ýol açýar. Agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemeleri bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasy dörediler. Ekerançylyga we maldarçylyga «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylar. Şeýle-de dünýäniň kuwwatly, kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna bu iri pudagyň tehniki binýady barha pugtalandyrylýar. Oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu pudagyň dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmeginde esas bolup hyzmat edýär. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen köpugurly özgertmeler azyk bolçulygyny berkitmegiň ygtybarly kepilidir. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şeýle mümkinçilikler bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň ruhuna ruh goşýar. Bu bolsa oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, ýer eýelerini, hasyl ussatlaryny, edermen babadaýhanlarymyzy uly-uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm bölegi bolan obasenagat toplumynyň mundan beýläk hem ýokary depginde ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda asylly işleri alyp barýan Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! 

 

Ölmez MÄMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.