Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Obasenagat toplumy: ösüş hem abadançylyk
  03.04.2023
651
Obasenagat toplumy: ösüş hem abadançylyk

Häzirki wagtda oba hojalyk pudagyny ösdürmek we özgertmek Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwürmekde bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» obasenagat toplumyny kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmäni alamatlandyrýar. Bu bolsa ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berýär. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlaryň, dünýäniň iň gowy tejribeleriniň ornaşdyrylmagy esasynda bu pudakda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaý we pagta öndürmek bilen bir hatarda, ýeralma, şugundyr, şaly, beýleki gök önümleri, däneli we bakja önümlerini ýetişdirmek üçin meýdanlar bölünip berilýär, täze baglardyr üzüm ýetişdirilýän meýdanlar döredilýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde täze obalar we şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar hem-de suw arassalaýan desgalar yzygider gurulýar.  Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçiliginiň meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar.

Halkara tejribä we döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklara laýyklykda, bu ulgamda täze guramaçylyk-hukuk usullarynyň ulanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda suwarymly ekerançylyk babatda ägirt uly tejribe toplanyp, giň gerimli suw hojalyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Edermen daýhanlary, ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar pudaga işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň köpasyrlyk baý daýhançylyk tejribesini ylmy esasda sazlaşykly ösdürmek, oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esas bolup çykyş edýär.  

 

Döwletmyrat GARRYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.