logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek möhüm wezipe
  05.08.2022
856
Oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek möhüm wezipe

      “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyz döwletimiziň syýasy, ykdysady kuwwatyny artdyrmak, raýatlarymyzyň abadan hem döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagynyň binýadynyň berkligini üpjün etmek, ylmyň-bilimiň pajarlap ösmegini gazanmak arkaly ony ösen ýurtlaryň hataryna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler üstünlikli çözülýär. Türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler ýaşlaryň ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde  ýokary göterilmegini, Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün edýär. Öňde goýlan bu iri möçberli maksatnamalaryň her biri babatda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigi her birimize mälim bolsa gerek. Oba hojalyk toplumy ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş derejesi, bolelin hem-de bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň günsaýyn artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanýan ýaşlar oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça dürli temalarda ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Biz hem Türkmen oba hojalyk institutynyň bagtyýar talyplary bolup halypa mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça ylmy-barlag işleriniň birnäçesini alyp barýarys. Möhüm oba hojalyk ekini bolan mekgejöweni ýagyş ýagdyrmak arkaly suwarmak boýunça alyp barýan ylmy-barlag işimiziň çäklerinde häzirki wagtda global mesele bolup durýan suwy rejeli ulanmaklygy göz öňünde tutup, kämil suw tygşytlaýjy enjamlardan peýdalanyp, däneli ekin bolan mekgejöweni ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny içgin öwrenýäris. Ylmy işler bilen meşgullanmak üçin döredilen ähli şertler biz ýaşlara öz saýlap alan ugrumyz boýunça ylym gorumyzy has-da artdyrmagymyza, kämilleşdirmegimize uly itergi berýär.

Türkmen ylmynyň ösdürilmegi hem kämilleşdirilmegi, oba hojalyk pudagynyň rowaçly menziller bilen barha öňe gitmegi ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.