logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Agriculture /OBA HOJALYGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALAR
  15.05.2023
1698
OBA HOJALYGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALAR

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumynda hem döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly tehnikalary satyn alynýar. Bu hem pudagyň işinde netijeliligi artdyrmaga giň mümkinçilik berýär.

Bu pudaga kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekiş döwründe «akylly» (smart) traktorlaryň GPS ulgamynyň üsti bilen bu işleri gije-gündiz diýmän ýerine ýetirmek mümkinçiligini döredýär. Ekiş döwründen soň, suw tutmak döwri başlanýar. Topragyň aşagynda ýerleşdirilýän «akylly» sensorlar gerek bolan suwy kesgitleýär we bu işi awtomatik görnüşde ýerine ýetirýär. Soňra zyýanly mör-möjeklerden ekinleri goramak üçin ornaşdyrylan sanly ulgam, ýagny topraga ýerleşdirilen «akylly» sensorlar olaryň öňüni almakda gerekli işleri ýerine ýetirýär. Hasyl ýygnalýan döwürde hem ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar ony awtomatik görnüşde ýygnap berýär.        

Häzirki wagtda Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamy netijeli hereket edýär. Onuň esasy ugurlarynyň biri-de, maýa goýmakdan ybaratdyr. Şol maýa goýumlar obasenagat toplumynyň hem-de hyzmat ediş pudaklarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürmek boýunça zawodlary gurmaga gönükdirilýär. Ýerleri suwlulandyrmaga we işläp bejermäge, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär. 

Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­ly teh­ni­ka­la­ry bi­len üs­tü­niň ýe­ti­ri­lip du­rul­ma­gy, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni yl­my esas­da ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Şeý­le hem, ol ekin­ler­den bol we ýo­ka­ry hil­li ha­syl al­ma­ga hem-de ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly öz wag­tyn­da ýyg­nap al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

 

Gülhan JUMAGULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.