logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Nowruz gelse, semeniden dadylar
  09.03.2023
1177
Nowruz gelse, semeniden dadylar

Dünýäniň köp halklarynda bolşy ýaly, biziň halkymyzda hem ýylyň başy hökmünde gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän döwründen hasap edilipdir. Şol gün täze ýylyň ilkinji güni – täze gün manysynda «Nowruz» diýlip atlandyrylypdyr.

Täze ýyl hökmünde bellenilýän Nowruzda özboluşly baýramçylyk dessurlaryny berjaý etmek däbe öwrülipdir. Bu baýramçylykda dürli tagamlar taýýarlanylyp, olaryň arasynda semeni esasy orny eýeleýär. Bu däp biziň günlerimizde hem mynasyp dowam etdirilýär.

Ylmy lukmançylygyň tassyklamagyna görä, duzsuz bişirilýän semeni bedeni gurplandyrmakda tapylgysyz tagamlaryň biri. Şonuň üçin hem semeni kömelek, ysmanak bilen bir hatarda baharyň ilkinji datly nygmatlarynyň hataryna girýär.

Semeni bilen bagly özboluşly dessurlar ýurdumyzyň ähli ýerinde diýen ýaly bardyr. Bu adatça, şeýle beýan edilýär. Obada iň abraýly, semeni taýýarlamakda tejribeli zenanlaryň biri bu datly tagamy gaýnatmak üçin bugdaý maýsasyny aştagtanyň üstüne ýazylan arassa matanyň üstünde ösdürýär. Soňra bugdaý maýsasy sokuda döwlüp, onuň suwy sykylyp alynýar we gazana guýulýar. Bu işe goňşy zenanlar hem işjeň gatnaşýarlar. Semeni uzakly gün gaýnadylýar. Ol agşama taýýar bolýar. Taýýar bolan semenili gazanyň agzyny ýapyp goýýarlar. Ertesi ir bilen semenili gazanyň gapagy açylanda, taýýar tagamyň ýüzünde özboluşly çyzyklar emele gelýär. Bu çyzyklary görenler Äşe – Patmanyň barmagynyň yzy diýip, ýüzlerine sylýarlar.

Semeni ýakyn ýerdäki öýleriň ählisine dadyrylýar. Semeni eltilen gap boş gaýtarylmaýar. Onuň içine süýjüdir köke, pişme salnyp gaýtarylýar. 

 

Merdan ALLAGULYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.