logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Nowruz geldi ilime
  22.03.2024
1292
Nowruz geldi ilime

Owadan Diýarymyzyň gözelligine üýtgeşik öwüşgin çaýýan Halkara Nowruz baýramy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Dana pederlerimiz müň ýyllyklaryň dowamynda “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir” ýa-da “Nowruz gelse, buz durmaz” ýaly nakyllary döredipdirler. Türkmen halkynyň ýyl senenamasynda örän ähmiýetli orny eýelemek bilen, Nowruzda gadymdan gelýän däp-dessurlar uly şatlyk-şowhuna beslenip ýerine ýetirilýär. Nowruz baýramynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem örän uly bolup, bu baýramçylykda ýerine ýetirilýän gadymy dessurlarda ýagşy niýetlere ýugrulan isleg-arzuwlar jemlenýär.   

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň ussat şahyrlarynyň şygyrlarynda, bagşy-sazandalarynyň hoş owazlarynda giňden waspy ýetirilýän Nowruz baýramynda gadymy Oguz   ýaýlalary haly göllerini ýadyňa salýan gül-gunçalara beslenýär. Şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren, milli mirasymyzy umumyadamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Mahym Annadurdyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.