logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Nowruz baýramy mynasybetli türkmen-eýran serhedinde festiwal geçiriler
  11.03.2024
957
Nowruz baýramy mynasybetli türkmen-eýran serhedinde festiwal geçiriler

Nowruz baýramy mynasybetli türkmen-eýran serhedinde festiwal geçiriler. Bilelikdäki eýran-türkmen festiwalynyň Eýranyň demirgazyk-gündogar sebitindäki Horasan Razawi sebitindäki Bajygyran etrabynda geçiriljekdigi barada ýurduň Medeniýet we yslamy ugrukdyrmak ministrliginiň sebitleriň işi boýunça Baş direktory mälim etdi.

 

Nowruz baýramyna bagyşlanan bilelikdäki şeýle medeni çäreler Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Howdan-Bajygyran serhetýaka zolagynda öňki ýyllarda hem geçirilipdi. Onuň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, senetçileriň bezeg önümleriniň umumy sergisi, iki ýurduň estrada ýerine ýerine ýetirijileriniň we folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary guralýar. 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan bilen Eýrany hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we taryhy umumylyklar özara baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň we sebit gatnaşyklarynyň ösüşiniň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlyga iki ýurt hem aýratyn ähmiýet berýär.

 

Gülöwser AŞYRLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.