Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Mukaddes Garaşsyzlyk – bagtyýar ýaşaýşyň güwäsi
  21.09.2022
924
Mukaddes Garaşsyzlyk – bagtyýar ýaşaýşyň güwäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ähli türkmen halkymyz gymmaty dünýä ýüzünde ykrar edilen beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramyny uly joşgun, şatlyk-şowhun bilen toýlaýar. Ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna dabarasy belentden ýaňlanýan ajaýyp owazlar, ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler her birimiziň kalbymyza buýsanç paýlaýar. Garaşsyzlyk – halkymyzyň bagtyýarlygyny, Watanymyzyň berkararlygyny, parahat durmuşymyzy dabaralandyrýan mizemez gymmatlykdyr. Garaşsyzlyk – mähriban halkymyzyň egsilmez bagtydyr, Garaşsyzlyk ýyllarynyň taryha altyn harplar bilen ýazylan wakalaryna nazar aýlap, eziz Watanymyz üçin bu başlangyçlaryň ykbal kesgitleýji häsiýete eýedigini bellemek ýerlikli bolar. Bu ugurda ýurdumyzda köpugurly ýagty geljegi kepillendirýän maksatnamalaýyn işler giň gerimde alnyp barylýar, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-owazasy has-da beýgelýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda durmuşymyza ornaşýan başlangyçlar her ädimde duýulýar. Çünki beýik Garaşsyzlygymyzyň goýnunda bagtyýar döwrümiziň her bir güni durşy bilen täzeleniş hem ösüş! Gadamy batly ösüşlerimizi gazanmakda bu mizemez gymmatlygymyzyň gaýtalanmajak orny bar. Garaşsyzlyk – halkymyzyň jebisliginiň, döwletliliginiň sarsmaz sütüni bolup, abadan durmuşymyzyň şamçyragy, başymyzyň täjidir. Ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler öz gözbaşyny beýik Garaşsyzlygymyzdan alýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan özgertmeler, bu ugra sanly tehnologiýalaryň yzygider ornaşdyrylmagy, döwrebap enjamlaşdyrylmagy Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepilidir. Çünki ylymly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň kämil hünärli bolmaklygyny gazanmak ileri tutulýan wezipelerdir. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi diýarymyzy gülledip ösdürjek kämil hünärmenleriň kemala gelmeginiň baş şertidir. Döwleti ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny gazanmak bolsa döwletlilikdir. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda hem bu babatdaky wezipeler eriş-argaç bolup geçýär.


Halkymyzyň bagtyýarlygy, nurana geljegi ugrunda uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi beýik ýeňişlere, uly üstünliklere besleýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Alyp barýan ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!



Babyş ATJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.