Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ABŞ-nyň Kent uniwersitetinde dabaraly bellenildi ✦ ✦ Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Mugallymlar gazeti» döredijilik bäsleşigini yglan edýär!
  20.02.2023
1520
«Mugallymlar gazeti» döredijilik bäsleşigini yglan edýär!

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi, «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň ma­ka­la­la­ry­nyň, he­ka­ýa­la­ry­nyň we goş­gu­la­ry­nyň iň go­wu­la­ry­ny çap et­me­gi na­zar­da tu­tup, «Ylym-bi­lim — bag­ty­ýar ýaş­la­ryň röw­şen gel­je­gi» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ni yg­lan ed­ýär­ler. 

BÄS­LE­ŞI­GIŇ DÜZ­GÜN­NA­MA­SY 


I. Umu­my düz­gün­ler 

1. Bäs­le­şi­giň mak­sa­dy Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da ýaş nes­liň ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi we mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­la­ry, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýaş­lar ha­kyn­da­ky ala­da­sy­ny, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aja­ýyp eser­le­ri­niň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti­ni, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hal­ky­my­za be­ren bag­ty­ny ma­ka­la­lar­da, he­ka­ýa­lar­da we goş­gu­lar­da wasp et­mek­den yba­rat.

2. Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän iş­ler­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­lar ha­kyn­da edil­ýän ala­da­lar, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zyň ylym, bi­lim ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan be­ýik ösüş­ler be­ýan edil­me­li­dir. Şeý­le hem bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän iş­ler­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş nes­li wa­tan­çy­lyk we aja­ýyp za­ma­na­my­za buý­sanç ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň äh­mi­ýe­ti wasp edil­me­li­dir.

3. Bäs­le­şi­ge dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan äh­li bi­lim iş­gär­le­ri gat­na­şyp bi­ler­ler. 

II. Bäs­le­şi­giň şert­le­ri 

Bäs­le­şik üç ugur bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär: 

— iň go­wy ma­ka­la­lar;
— iň go­wy he­ka­ýa­lar;
— iň go­wy goş­gu­lar.
 

Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän ma­ka­la­lar, he­ka­ýa­lar we goş­gu­lar dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ne bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­li­dir, çe­per­çi­lik, ma­ny-maz­mun taý­dan ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­ly­dyr.

Bäs­le­şi­ge ozal çap edil­me­dik dö­re­di­ji­lik iş­le­ri hö­dür­len­me­li­dir.

Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän iş­ler çap edi­len hem-de elekt­ron gö­te­ri­ji­de bol­ma­ly­dyr. Bäs­le­şi­ge gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän bi­lim iş­gä­ri fa­mi­li­ýa­sy­ny, ady­ny, ata­sy­nyň ady­ny, dog­lan se­ne­si­ni, we­zi­pe­si­ni, yl­my de­re­je­si­ni, iş we öý sal­gy­sy­ny hem-de te­le­fon bel­gi­si­ni gör­kez­me­li­dir we dö­re­di­ji­lik işi­ni «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­na iber­me­li­dir. 

III. Bäs­le­şi­gi ge­çir­me­giň we onuň je­mi­ni jem­le­me­giň ter­ti­bi 

Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­ni­len iş­ler bi­lim we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­rin­den dü­zü­len ýö­ri­te to­par ta­ra­pyn­dan sel­je­ri­ler. Eser­le­riň has ta­pa­wut­la­nan­la­ry «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­tin­de çap edi­ler.

Bäs­le­şi­giň je­mi mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da — sent­ýabr aýyn­da jem­le­ner.

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň Hor­mat ha­ty, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň sow­gat­la­ry bi­len sy­lag­la­nar­lar. 

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-96-48, 39-96-40, 38-61-53.
Gazetiň elektron poçtasy: mugallymlar-gazeti@online.tm