logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Moskwadaky türkmen estrada ýyldyzlarynyň konsertine 1500-den gowrak adam gatnaşdy!
  17.02.2023
1045
Moskwadaky türkmen estrada ýyldyzlarynyň konsertine 1500-den gowrak adam gatnaşdy!

Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäherindäki «Vegas City Hall» konsert zalynda türkmen estrada ýyldyzlarynyň konserti boldy. Konserte 1500-den gowrak adam gatnaşdy. Bu aýdym-saz söýüjiler üçin uly sowgat boldy.

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen geçirilen bu medeni çärä Russiýadaky türkmen raýatlary we talyplary gatnaşdy. Konsert ýatdan çykmajak pursatlary döretdi.

Konsertde rus diňleýjileriniň öňünde meşhur aýdymçy Azat Dönmezow, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Haýdarow hem-de deprekçi Atajan Eýýubow dagylar çykyş etdiler.