Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dostlukly ýurtlar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly orun berilýär. Muňa Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler, geçilýän rowaçly menziller şaýatlyk edýär. Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmünde at-abraýynyň barha artýandygyndan, medeni we beýleki ugurdaky gatnaşyklary has hem giňeltmek maksady bilen halkara bileleşige has doly açylýandygyndan nyşandyr. Bir derýanyň suwuny içýän, bir serhedi paýlaşýan türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar has-da döwrebap häsiýete eýe bolýar. Bu ysnyşykly gatnaşyklar iki halkyň arasyndaky ýakynlygy, dost-doganlygy barha pugtalandyrýar. Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç şäherinde türkmen-özbek dostluk öýüniň açylmagy döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm wakadyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Daşkent» seýilgähiniň we Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähiniň özbek-türkmen dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň aýdyň nyşany bolmak bilen, gatnaşyklary berkleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarynda ösüşler, belent sepgitler has pajarlaýar. Şeýle hem ýaňy-ýakynda teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagy iki ýurduň arasynda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen-özbek gatnaşyklary taryhda yz galdyran beýik şahsyýetleriň şöhratly ýoly bilen berk baglanyşyklydyr. Mähribanlyga ýugrulan bu dostluk festiwaly Magtymguly Pyragy hem-de Alyşir Nowaýy ýaly beýik ussatlaryň belent sarpasyny artdyrmak bilen, iki halky jebisleşdirýär. Häzirki döwürde hem döwletara gatnaşyklarynda bu iki ýurduň alyp barýan syýasy gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy ýokary derejededir. Daşoguz welaýatymyzda 16-17-nji noýabrda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly bolsa iki halkyň gadymy dost-doganlyk ýörelgesiniň dowamatynyň dowam bolýandygyny ýene-de bir gezek alamatlandyrdy. Festiwalyň çäklerinde welaýatymyzyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda iki doganlyk ýurduň sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi, Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda sahna oýunlarynyň görkezilmegi ýaly çäreler adamlara ruhy lezzet, bire-birege mähribanlyk paýlady. Şeýle bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklarynyň berkemegi ugrunda netijeli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Nurgözel ATDAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
rus dili we edebiýaty mugallymy.