logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Minskde geçirilen konsertde türkmenistanly aýdymçy sahnanyň şowhunyny has-da artdyrdy
  13.09.2022
884
Minskde geçirilen konsertde türkmenistanly aýdymçy sahnanyň şowhunyny has-da artdyrdy

Minsk şäheriniň 955 ýyllygy we «Mir» teleradiokompaniýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Minskde konsert geçirildi. Konsertde asly türkmenistanly «Shir» lakamy bilen tanalýan Şirmyrat Çaryýew çykyş edip sahnanyň şowhunyny has-da artdyrdy. «Shir» sahnada «Sen meniňki» atly aýdymy ýerine ýetirdi.

 

 

Şirmyrat Çaryýew barada aýdyp geçsek, ol Aşgabatda doguldy. «Shir» 26 ýyl mundan ozal Belarussiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birne hukuk öwrenmäge geldi we ol aýdym-saz sungatyna hut şol ýerden başlady. «Shir» okuwyny tamamlap, Belarus aýdymçysy hökmünde üstünlik gazandy we şol ýurtda galyp öz hünärini dowam etdirdi.

 

 

«Shir» - aýdymçy, kompozitor, alyp baryjy, şoumen. Onuň aýdym-sazlary diňe bir Belarussiýada däl,  dünýäniň birnäçe döwletlerinde halanylyp diňlenilýär. Belläp geçsek, ol birnäçe halkara ýaryşlaryň we festiwallaryň ýeňijisidir.