logo

Latest news:
✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦
Home / Culture /Minskdäki türkmenler üçin ýörite sergi gurnaldy
  10.02.2023
1264
Minskdäki türkmenler üçin ýörite sergi gurnaldy

Ýakynda, Minskde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady. Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.Lebedew, ýurduň Milli Ýygnagynyň deputatlary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn edaralaryň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Minskde akkreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylym, medeniýet işgärleri, žurnalistler, şeýle-de bu ýurtda ýaşaýan türkmenler çäräniň hormatly myhmanlary boldular.

Dostlukly döwletiň daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk hem Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, geçen 30 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ýetilen sepgitlere gysgaça syn berdiler. Şunda bu şanly senäniň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berýändigi aýratyn nygtaldy. Şeýle-de myhmanlara türkmen-belarus dialogynyň möhüm wakalaryndan söz açýan wideofilm görkezildi.

Bu ýerde guralan türkmen amaly-haşam önümleriniň we fotosuratlaryň sergisi hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Hususan-da, türkmen el halylary, zergärçilik önümleri, milli lybaslardyr gündelik durmuşda ulanylýan esbaplar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. 

 

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.