logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Millilik ylhamy – türkmen halysy
  27.05.2023
1012
Millilik ylhamy – türkmen halysy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ganatly günlerinde Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda merdana halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýulýar. Türkmen halkymyzyň tutuş dünýä nusgalyk, ebedi gymmatlyklarynyň hem gadymy nusgalarynyň biri-de nepis türkmen halysy bolup durýar. Bu nepis sungat milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegidir, halkymyzyň ebedi baýlygydyr. Gadymyýetiň şaýady, döwürleriň gymmatlygy bolan türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilmegi bu gadymy sungatyň dünýä derejesinde arzylanýandygyndan habar berýär. Çünki türkmen halysy – sungatyň hut özi, milletimiziň ruhy aňynyň, pähim-paýhasyň ebedi dabaralanmasydyr. Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly gymmatly kitaplarynda hem halynyň beýikligi, nepisligi, gymmaty dogrusynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Gadymy döwürde täze haly köçä ýa-da bazar meýdançasyna ýazylyp, onuň üstünden adamlar ýöräp geçipdirler, näçe adam kän geçse, şonça-da gowy hasaplanypdyr. Şeýdip, halynyň berkligini barlap görüpdirler. Bu hem özboluşly däp bolupdyr. Işe girişilende, halyça: «Goý, daragyň bady ýatmasyn!», «Gözüň aýdyň» diýipdirler. Çeper elli halyçylar haly kesenlerinde şeýle sözler bilen gutlamak däp bolupdyr. Özem bu däp örän dabaraly geçirilipdir, oňa dost-ýarlar, goňşy-golamlar çagyrylypdyr. Ata-babalarymyz «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýipdirler. Çaga özi üçin ýörite dokalan halyda öz ilkinji ädimlerini ädýär, gyzlar durmuşa çykanlarynda bagtly durmuşa ýoluna sary ilkinji ädimini şunda ädýärler. Ine şeýdip, haly türkmeniň doglandan tä soňky gününe çenli ömürboýy aýrylmaz hemrasy bolýar.

Asyrlaryň dowamynda türkmen halysyna «Syrlardan dokalan gözellik» diýip at beripdirler. Gyz maşgalasyna kiçilikden başlap, keser, darak ýaly haly gurallaryndan peýdalanmagyň ýollary öwredilipdir. Olar öz käbeleriniň, boýdaşlarynyň hereketini synlap, haly dokamagy öwrenipdirler. Şeýlelik bilen hem, türkmen maşgalasynda ýaşajyk halyçynyň uly geljegi başlanypdyr. Paýhasly ene-mamalarymyzyň ýürek mähri, irginsiz yhlasy siňen ajaýyp halylarymyz dünýä ýüzünde meşhur sungatdyr. Halylarymyz hem haly önümlerimiz üýtgeşik çeper eseri ýadyňa salýar. Nesilden-nesle geçip, asyrlar aşyp gelen türkmen halylarymyz döredijilik nusgasynyň mizemezligi bolup, ol nesiller üçin nusgalyk şamçyragdyr. Milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak babatda alyp barýan beýik işleri bilen Watanymyzy berkararlyga, halkymyzy bagtyýarlyga besleýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Aýsoltan HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň 
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň
3-nji ýyl talyby.