logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Culture /Millilik – halkymyzyň mizemez gymmatlygy
  20.12.2022
1136
Millilik – halkymyzyň mizemez gymmatlygy

Merdana türkmen halkymyz milliligimizi, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirip, has-da kämilleşdiripdirler.

Halkymyzyň milli lybaslary, köz ýaly keteni köýnegi, çabytdyr kürtesi, milli tahýasy, köpöwüşginli keşdeçilik sungaty milletimiziň ebedi hem mizemez gymmatlygydyr. Milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary olaryň salynýan nagyşlarynda jemlenýär. Dabaraly toýlarymyzy milli ketenisiz, al-ýaşyl çyrpysyz, gyrmyzy donsuz, silkme  telpeksiz, nepis tahýasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Türkmen halky islendik bir işiň başyny tutanda yrym-ynançlardan ugur alypdyrlar. Şeýle yrym-ynançlar milli lybaslary taýýarlananda hem giňden ulanylyp, «Çarşenbede çar ýana»  ýa-da «Şenbede biçme, annada göçme» ýaly manyly aýtgylary döredipdirler. Üme dessurynda lälelere, monjugatdylara, gazallara hiňlenip, agzybirlikde keşde çekip, gaýma gaýap, tahýa tikipdirler. Öz el işlerini dürli nagyşlar bilen bezäpdirler. Şol keşdedir nagyşlarda hamrak ene-mamalarymyzyň, ussat zenanlarymyzyň, on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlarymyzyň ýokary çeperçiligini, ussatlygyny, wepadarlygyny, edermenligini görmek bolýar.

Halkymyzyň şeýle ajaýyp däp-dessurlary milli gymmatlyklardan döräp, kämilleşip, sungat derejesine ýetirilipdir. Türkmen gözelliginiň, ruhubelentliginiň, şahandazlygynyň, milliliginiň iň owadan taraplary milli däp-dessurlarymyzda, edim-gylymlarymyzda, millilige ýugrulan ýörelgelerimizde jemlenendir. Türkmeniň nepis el işleriniň özeninde hem milli gymmatlyklarymyz durandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem çeper elli gyz-gelinlerimiz özleriniň döredýän bir-birinden ajaýyp hem nepis el işleri bilen döwrümiziň gözelligine gözellik goşýarlar.

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.