logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Milli miras pederlerden ýadygär
  01.03.2023
1166
Milli miras pederlerden ýadygär

Ata Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli mirasymyzyň genji-hazynasy bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamaga, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge gönükdirilen işleriň uly möçberi amala aşyrylýar. Häzirki wagtda halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy hasaba alyndy. Sany yzygider artýan bu sanawyň hatarynda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bolan Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaý galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem ýurdumyzda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy üçin durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijesidir. Diýarymyzyň taryhy arheologik ýadygärlikleri geçmişde şöhratlanan Beýik Ýüpek ýoly bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu ýol gadymy ösüşleriň ajaýyp gazananlarynyň biri hökmünde halklary ýakynlaşdyrmaga itergi beripdir.

Halkymyzyň ruhy medeniýetiniň gazananlaryny ylmy esasda öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimiziň däplerini mynasyp dowam etdirmek meselelerine hem uly ähmiýet berýär. Şeýle ähmiýetli çäreler bolsa halkymyzyň gadymy milli medeniýetiniň, döredijilik däpleriniň, dünýä halklary bilen ýola goýan medeni hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleri bilen täze taryhy eýýamda hil taýdan täze ösüşe, täze özgerişe, milletimiziň taryhy-medeni mirasynyň halkara derejesinde giňden wagyz edilmegine ýardam berýär. Bu bolsa şeýle şertlerden ruhlanyp kämil bilim alýan biz ýaşlarda milli mirasymyza, medeniýetimize bolan belent sarpany has-da artdyrýar. 

 

Dawut DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.