Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli medeniýetlilik
  08.12.2022
769
Milli medeniýetlilik

Her bir halkyň gelip çykyşyna, milli aýratynlygyna, edim-gylymyna, däp‑dessuryna görä öz milliligi, medeni aýratynlyklary bardyr. Ähli halklaryň dürli häsiýetleri, edim-gylymlary, däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary özara jemlenip, tutuş dünýä medeniýetini emele getiripdir. Şeýle-de biziň däp-dessurlarymyz bilen käbir halklaryň däpleriniň tapawutly taraplary we meňzeş ýerleri-de bar. Mysal üçin, halkymyzda gelen myhmana ilki bilen çaý goýulýan bolsa, ýaponlarda çaý berlensoň, turmagyň aladasyny edibermeli, sebäbi çaý hoşlaşygy aňladýar. Ýa-da halklaryň köpüsinde baş atmak «hawa» diýmegi aňladýan bolsa, wengerlerde tersine, ol «ýok» diýmegi aňladyp, kelläňi ýaýkamak bolsa «hawa» diýmegi aňladýar. Käbir dünýä halklarynda edep kadalary ýörite sungat hökmünde öwrenilýär, onuň özboluşly talaplary bolup, olaryň berk berjaý edilmegi hökmanylyk hasaplanylýar. Gadymy Hytaýda edep kadalary bilen baglylykda 30 müň töweregi däp-dessuryň bardygy barada maglumatlar bar. Çagalara bu tertip-düzgüni öwretmek üçin birnäçe ýyllar gerek bolupdyr. Paýhasly ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri goňşy halklar bilen medeni gatnaşyklary saklapdyrlar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen kitabynda berilýän gymmatly maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Gadymy Merwden, Änewden, Altyndepeden, Gadymy Amuldan tapylan taryhy tapyndylar gadymy döwrüň medeniýetini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Halkymyzyň binagärlik, heýkeltaraş, amaly-haşam, zergärçilik, dokmaçylyk, keşdeçilik sungatynda ýeten derejesi dünýä sungatyny baýlaşdyrmaga goşulan belent goşantdyr. Ylym-bilime teşne ata-babalarymyzyň geçmiş taryhymyzda dünýä ylmyna, sungatyna, medeni ösüşine saldamly goşant goşandygyna şöhratly taryhymyz şaýat.

Taryhda 70-den gowrak döwlet gurup, milli medeniýetliligi ösdürmekde ebedi yz galdyran ata-babalarymyza, merdana pederlerimize buýsanmaga her birimiz doly haklydyrys. Halkymyz asyrlaryň synagyndan geçen milli edep kadalaryny, perzende edep-terbiýe bermegiň, zähmet çekip, halal ýaşamagyň ýörelgelerini kemala getiripdir. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň kümüş şaý-sepleri, halyçylyk sungaty, bedew atlary, wepaly alabaýy halkymyzyň genji-hazynasydyr, milli gymmatlyklarydyr. Şol ebedi hem mizemez gymmatlyklarymyz halkymyzyň milli medeniýetliliginiň gözbaşydyr. Milliligimizi, medeni mirasymyza guwanmak, aýap saklamak, barha kämilleşdirmek we ony dünýä ýaýmak bagtly ýaşlaryň, bagtyýar nesilleriň mukaddes borjudyr. 

 

Näzli ŞÖHRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.