Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli medeniýetimize belent sarpa
  12.05.2023
1034
Milli medeniýetimize belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Türkmenistan ýurdumyz hemmetaraplaýyn gülläp ösýär, medeni ulgamlarda gazanylýan üstünlikler rowaçlanyp, dünýä döwletleri bilen bu ugurdaky dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli berkidilýär. Mälim bolşy ýaly, gadymy türkmen topragymyz deňi-taýy bolmadyk meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik, külalçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň, senetçiligiň ösen mekanydyr. Şan-şöhratly geçmiş taryhy bilen tutuş dünýä ýaň salan gadymy Nusaýda, Merwde, Jeýtunda, Dehistanda, Altyndepede, Goňurdepede, Köneürgençde, Amulda amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary kemala gelipdir. Şol milli gymmatlyklar, medeni-taryhy ýadygärlikler hem bütin adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşupdyr. Şol nukdaýnazardan hem, biz şöhratly taryhymyza buýsanmaga doly haklydyrys. Milli mirasymyzyň naýbaşy görnüşleriniň dünýäde giňden meşhurdygyna döwrümiz şaýat. Şöhratly ata-babalarymyzdan bize miras galan milli mirasymyzyň, amaly-haşam sungatymyzyň iň görnükli nusgalary halkara derejesinde ykrar edilip, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Ençeme medeni-taryhy ýadygärliklerimiz, milli halyçylyk sungatymyz, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatymyz, keşdeçilik sungatymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun alandyr. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda parahatçylykly ýörelgelere esaslanýan medeni ugurdaky halkara hyzmatdaşlykda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda halkara derejesinde festiwallar, halkara sergiler, ylmy-döredijilik maslahatlary, konsertler ýaly ençeme medeni çäreler yzygiderli gurnalýar. Merdana halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny älem-jahana giňden wagyz etmekde şeýle çärelere möhüm orun degişlidir.

 

Ata Watanymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan döwlet syýasaty jemgyýetimiziň ruhy aňyny baýlaşdyrmaga, döredijilik-bilim derejesini artdyrmaga hem-de medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilen bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzy, amaly-haşam sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, has hem kämilleşdirilmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi bolsa, eziz Watanymyzyň milli medeniýetine, şöhratly taryhyna bolan beýik buýsanjy kalplara bagyşlaýar.

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.