logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Milli medeniýetimiz milli ýörelgelerimizi şöhlelendirýän gymmatlyk
  24.04.2023
820
Milli medeniýetimiz milli ýörelgelerimizi şöhlelendirýän gymmatlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda milli medeniýetimiziň ösdürilmegine, baý gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanmagyna we dünýä ýaýylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny, ýol-ýörelgesini şöhlelendirýän milli medeniýetimiz halkymyzyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglanyşdyrýan özboluşly köprüdir. Çünki köpöwüşginli, baý medeni mirasymyz şöhratly taryhymyzy we milli gymmatlyklarymyzy sarpalamaga esas döredýär. Merdana ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda milli-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklap, şu günki nesillere miras galdyrypdyrlar. Täze taryhy eýýamda bagtly durmuşyň, bagtyýar günleriň hözirini görüp ýaşaýan eziz halkymyz, bagtyýar ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň barha baýlaşdyrylmagyna, medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň dünýä ýaýylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Çünki munuň özi her bir türkmen raýaty üçin, türkmeniň ogul-gyzy üçin belent mertebedir, perzentlik borçdur! Ýurdumyzda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni, maddy hem-de maddy däl mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyklykda rejelemek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, döwrebap öwüşginlerde dikeldilýär, milli aýratynlyklary bilen dünýä medeniýetinde yz galdyran gymmatlyklar ulgamy halkara giňişliginde baýlaşdyrylýar. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygymyz barha pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasy dünýä halklarynyň arasynda birek-birege hormat goýmagyň, özara dostlukly gatnaşyklaryň möhüm guralydyr. Şöhratly taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, türkmen milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bellenmäge mynasypdyr. Sebäbi milli mirasyň aýawly saklanylmagy netijesinde bolsa tutuş adamzadyň gymmatlyklarynyň genji-hazynasy has-da giňeýär, taryhy kökleri gadymyýete uzaýan halkymyzyň umumadamzat mirasynyň hazynasyna goşan beýik goşandy kalplarymyzy buýsanja besleýär. Mähriban halkymyzyň taryhy kökleriniň gadymylygy, medeniýeti hem sungaty, milli däp-dessurlary, olaryň goragynyň milli we halkara derejede üpjün edilip nesilden-nesle geçirilmegi merdana ata-babalarymyzyň miras goýan gymmatlyklaryny giňden öwrenmäge we halkara derejesinde ykrar etdirmäge giň ýol açýar. Goý, halkymyzy ak günlere, ýurdumyzy belent sepgitlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! 

 

Leýli MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 3-nji ýyl talyby.