logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /MILLI HEM KÄMIL SUNGAT
  06.03.2023
735
MILLI HEM KÄMIL SUNGAT

Türkmeniň naýbaşy çeperçilik sungaty hökmünde arzylanýan keşdeçilik sungaty türkmen tebigatynyň gözelliklerini, gelin-gyzlarymyzyň ýürek telwasyny özünde jemleýän nepislikdir. Döredijilikli gözlegleriň, yhlasly zähmetiň miwesi bilen, nagyşlaryň özboluşly dünýäsi emele gelipdir. Keşdeçiligiň çeper usullary, tärleri ene-mamalarymyzdan bize miras galypdyr. Bu gadymy sungat asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Keşdeçilik – bu  asyrlaryň çeperçilik tejribesini özüne siňdiren sungat eseridir. Bu mizemez sungat merdana halkymyzyň döreden naýbaşy medeni gymmatlygy hökmünde bu gün halkara derejesinde sarpalanýar. Muňa bu gymmatly sungatyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň görnükli sanawynda orun almagy aýdyň subutnamadyr. Ajaýyp keşdeler milli lybaslarymyzyň bezegidir. Wagtyň geçmegi bilen kämilleşip, sünnälenip, hünärden sungata öwrülen milli keşdeler özüniň köpöwüşginliligi bilen görenleri haýrana goýýar. Mähir siňen keşdeler mylaýym gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli aňyýetiniň çeper beýanydyr.

Häzirki wagtda bu sungata uly ünsüň berilmegi netijesinde täze, döwrebap nagyş nusgalary kemala geldi. Şol döwrebap nusgalar keşdeçilik sungatynyň zamanabap röwüşde ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Türkmen milli keşdeçilik sungatyny öwrenmek, bu ugurdaky usullary, tärleri geljek nesillere geçirmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu inçe sungaty öwrenmek ýaş nesilleriň kalbynda milli mirasymyza bolan buýsanjy has-da artdyrýar. Özboluşly tebigy zehine eýe bolan ezber elli zenanlarymyz bu gadymy sungaty baýlaşdyryp, milli nagyşlaryň ençeme nusgalaryny döredipdirler. Halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmekde, milli gymmatlyklaryny kämilleşdirmekde we wagyz etmekde milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň orny uludyr. Keşdeçilik sungaty çeperçiligi, milletiň joşgunly sungaty, milli medeniýeti barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ruhy hazynadyr. Täze taryhy eýýamda nesilden-nesle geçip gelýän milli gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary hemişe üstünliklere beslensin!  

 

Aýdana DOSNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.