logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat topary dörediler
  21.10.2022
1105
Milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat topary dörediler

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Prezidentine Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat toparyny (Press pool) döretmek, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň media ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sebit we halkara teleýaýlymlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklibi hödürledi.