Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦ ✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli gymmatlyklar – ruhy dünýämiziň keşbi
  25.02.2023
1038
Milli gymmatlyklar – ruhy dünýämiziň keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzyň ösdürilmegi diňe bir geçmişe sarpa goýmagyň alamaty bolman, ol dana pederlerimizden miras galan gadymy ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, milliligimize goýulýan belent hormatdyr, sylag-mertebedir. Bu asylly ýörelgeler jemgyýeti jebisleşdirip, geçmiş taryhyň geljek bilen sazlaşygyny emele getirýär. Geçmişden biziň günlerimize gelip ýeten binagärlik ýadygärlikleri türkmen topragymyzyň çäginde taryhyň dürli döwürlerinde kuwwatly döwletleriň bolandygyna şaýatlyk edýär. Şol beýik döwletleri bolsa  Beýik Ýüpek ýoly özüne birleşdirip, medeniýetiň, senetçiligiň gülläp ösmegine itergi berdi. Asyrlara ýaň salýan türkmen mirasy bu gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Türkmenistan döwletimiz 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen,  medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Pederlerden miras galan gymmatlyklarymyz, taryhy ýadygärliklerimiziň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Has takygy, biziň döwletimiz boýunça Gadymy Merw, Köneürgenç şäheri, Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, Küştdepdi tansy, türkmen halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty» bu görnükli sanawa girizildi. Şeýle-de Türkmenistan ýurdumyzyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hakynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmagy hem bu ugurdaky ädilen nobatdaky ädim boldy. Biziň ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de milli gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda başlangyçlar häzirki wagtda taryhy-medeni mirasyň, däp-dessurlaryň gaýtadan dikeldilýändigini we baýlaşdyrylýandygyny subut edýär. Şeýle ynsanperwer ýörelgeler, halkara derejesindäki medeni ugurdaky başlangyçlar, ata Watana bolan söýgini özünde jemleýän işler türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ahlak gymmatlyklarynyň ähmiýetini giňden açyp görkezýär. 

 

Merjen BAÝAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agroekologiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.