Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦ ✦ "Dalaşgär-2025" interaktiw platforma işe girizildi ✦ ✦ Zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi ✦ ✦ Dalaşgärler üçin açyk we sanly maglumat portaly işe girizildi ✦ ✦ Ýokary okuw jaýlaryna girmekde täze sanly mümkinçilik ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli gymmatlyklar – nesillere belent serpaý
  05.12.2022
729
Milli gymmatlyklar – nesillere belent serpaý

Milli gymmatlyk – her bir halkyň taraşlap sungata öwren zehininiň, yhlasly zähmetiniň, döredijilikli işiniň netijesidir, özboluşly ukyp-başarnygynyň öçmejek aýratynlygydyr. Kämillige hem millilige ýugrulan gymmatlyklaryň mekany bolan ata Watanymyzda halkymyzyň ruhy hazynasy nesil terbiýesinde hem möhüm orny eýeleýär. Bagtyýarlyga, ruhy galkynyşa, berkararlyga beslenen Türkmenistan döwletimiziň milli medeniýeti öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Millilik halkymyzyň irginsiz zähmeti, döredijilikli zehini bilen döredilen gymmatly sungatdyr. Owadanlygy hem ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýan, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz, özüniň nepisligi, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi we milli aýratynlygy bilen ajaýyp sungat eserine deňelýän halylarymyz şöhratly geçmişimiziň we nurana geljegimiziň beýanydyr. Wepadarlygyň nusgasy bolan türkmen alabaýy batyrlygy, gaýduwsyzlygy  bilen tanalyp, mähirli sypatlary bilen ynsanyň ýakyn dostudyr. Özboluşlylygy, ajaýyplygy bilen tapawutlanýan milli şaý-seplerimiz, milli nagyşlarymyz, keşdeçilik sungatymyz paýhasly ata-babalarymyzdan, nusgalyk ene-mamalarymyzdan galan müdimi gymmatlykdyr. Baý amaly-haşam sungatyny, gözellikden gözbaş alan milli lybaslaryny döredip, dünýäde deňi-taýy bolmadyk keşdelenen milli lybaslarymyz, nakgaşçylyk, aýdym-saz sungatymyz, taryhy ýadygärliklerimiz halkymyzyň medeni mirasydyr. Gaýtalanmajak gymmatlygymyz bolan küştdepdi sungaty türkmeniň iň gadymy halkdygyny subut edýän aýdym hem tans hereketleriniň utgaşmasydyr.  Her bir ynsanda ruhubelentligi döredýän sungat eseri bolan küştdepdi tansy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýtmak bilen, ol toý-baýramlarymyzyň gelşigi, halkara derejesinde  geçirilýän dost-doganlyk festiwallaryň, medeniýet günleriniň bezegi hem ýaraşygydyr. Milli gymmatlyklarymyzyň özeninde watançylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, mähir hem söýgi, ýaşlaryň bagtly geljegi, bagtyýar döwrümiziň belent waspy ýatandyr. Medeniýet milli ruhuň bize miras galan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Türkmen medeniýetiniň gülläp ösdürilmegi, milli gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagy we dünýä ýaýylmagy babatda il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, beýik maksatly tutumlarynyň bady üstünlikler bilen batlansyn! 

 

Mahym KÖSSEKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.