logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Milli däpleri şöhlelendirýän tans dessury
  01.03.2023
947
Milli däpleri şöhlelendirýän tans dessury

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzda medeniýet hem sungat uly özgerişliklere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýşi ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda merdana ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy dünýä ýüzüne açyp görkezmeklige giň ýol açyldy. Medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi netijesinde asyrlaryň dowamynda toplanyp, dilden-dile, kalpdan-kalba geçip gelen gymmatlyklarymyza täze öwüşgin çaýyldy. 2015-nji ýylda «Görogly» şadessanynyň, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» milli aýdym we tans dessurynyň, türkmen halyçylyk sungatynyň we beýleki milli gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi medeni mirasymyza bolan sarpanyň has hem artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli aýratynlyklarymyzyň biri bolan küştdepdi tansy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Bu tans dessurynyň taryhy kökleri gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar. Ol asyrlarboýy kämilleşdirilen, owaz bilen güýçlendirilen hereket arkaly milli däpleriň ähmiýetini açyp görkezýär. Ony ýerine ýetirýänler döwre gurap, özboluşly hereketleriň sazlaşygyny emele getirýärler. Ol halkyň milli häsiýeti bilen umumylaşýar. Maddy däl medeni mirasy saklap galmak boýunça Hökümetara komitetiniň 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen 12-nji mejlisinde teklip edilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi türkmen halkynyň umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy medeniýetiniň ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmegidir. Milletiň taryhy-medeni ýörelgeleriniň we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny beýan edýän halk döredijiliginiň özboluşly nusgasy bolan küştdepdi geçmiş ýörelgeleriniň we häzirki döwrüň döredijilik joşgunynyň sazlaşykly utgaşmasydyr. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.