logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy
  28.11.2022
1088
«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde  «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň festiwala we maslahata gatnaşyjylara ýollan Gutlagy okaldy. Gutlag üçin medeniýet we sungat işgärleriniň gyzgyn elçarpyşmalary tüýs ýürekden çykýan hoşallygyň alamaty bolup ýaňlandy.

Festiwalyň açylyş dabarasynyň dowamynda nusgawy sazlarymyzdyr halk aýdymlarymyz ýerine ýetirildi. Şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Täjigistan Respublikasynyň A.Juraýew adyndaky Döwlet filarmoniýasynyň aýdym-saz toparynyň, Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň aýdym-saz toparynyň, Türkiýe Respublikasynyň Türk dünýäsiniň sazy we halk tans toparynyň, Gazagystan Respublikasynyň Gyzylorda filarmoniýasynyň «Akmeşit» folklor toparynyň, Gyrgyz Respublikasynyň «Etno Oş» folklor-etnografiýa toparynyň, Azerbeýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Alpar» etno toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşy alyndy.

Festiwalyň dowamynda daşary ýurtly sazandalaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary, daşary ýurtly aýdym-saz toparlarynyň konserti, şeýle hem myhmanlaryň paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleri  meýilleşdirilýär. 

 

turkmenmetbugat.