logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Milli «Ak bugdaý» muzeýinde maslahat geçirildi
  27.04.2023
858
Milli «Ak bugdaý» muzeýinde maslahat geçirildi

Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna Ahal welaýatynda täsirli çäreler geçirilýär. Golaýda, Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Gadymy Änew şäheri — türki dünýäniň medeni paýtagty» atly maslahat geçirildi.

Maslahat welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guralyp, oňa dürli kärdäki ildeşlerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.

Maslahatda Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň ýolbaşçysy Ogulgözel Öwlýagulyýewa, şol muzeýiň uly ylmy işgäri Tawus Garajaýewa, Gökdepe Milli muzeýiniň ýolbaşçysy Merdan Hydyrow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Kümüş Mätniýazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Akgözel Hojalyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Mähri Gurdowa, welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Gülaýym Begenjowa dagy çykyş etdiler.

Maslahatyň çäginde Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň sergi bölümleri bilen tanyşlyk guraldy.