logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Culture /Mihail Gusman: Türkmenistan maglumat giňişliginde we dünýäde barha görnükli orun eýeleýär
  29.03.2024
559
Mihail Gusman: Türkmenistan maglumat giňişliginde we dünýäde barha görnükli orun eýeleýär

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen baglanşykly çäreleriň çäginde geçirilen «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahatyna gatnaşan TASS-yň baş müdiriniň birinji orunbasary Mihail Gusman:

 

 

“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegini biz, Türkmenistan üçin global maglumat giňişliginde , umuman dünýä arenasynda möhüm orny eýeleýän ýurt üçin diýseň möhüm bir waka diýip hasaplaýarys”

 

 

Diýip belläp geçýär. Bu barada Trend habar berýär.

 

 

Şeýle-de Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriniň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-a agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri «Gadymy Änew medeniýeti», «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatlara gatnaşdylar.

 

 

«Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty Çarşenbe güni ahal welaýatynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçirildi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli alymlarynyň, arheologlarynyň, medeniýeti öwrenijileriniň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen ylmy forumda Änew medeniýetiniň geçmiş-taryhy barada giňişleýin gürrüň edildi. 

 

Begençgeldi Saparow,
Döwletmämmet Azady adyndaky
ürkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.