Meşhurlyk dünýäsi serhetsiz dünýä. Edebiýat, sungat ol dünýäleri meşhurlaşdyrýan uly güýçdür. Şol dünýäde ýaşap başlan adam öz zehininiň iň ýokary derejesine çenli öz halkyna, milli ruhuna hem-de ondan soňra öz ýüreginiň sesi bilen halkynyň ruhy garylan eserlerini dünýä ýaýmaga çarpynýar. Bu ähli meşhur ynsanlaryň durmuşynda tebigy zat. Meşhurlyk hem aslynda köplenç ýagdaýda çagalykdan başlanýar. Edebiýata, saza, sungata, matematika, astronomiýa we beýleki ylymlara bolan söýginiň ählisi bir ýere jemlenip, adam şahsyýetinde möhüm orny eýeleýän zehin meşhurlygyny düzýär.
Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň döreden aýdym-sazlary dünýä saz sungatynyň altyn hazynasyna goşuldy. Munuň özi türkmen halkynyň medeniýetiniň dünýä hazynasyndaky rolunyň beýikdigini görkezýär. Şol esasda hem kompozitorlardyr, sazandalar, saz sungatynyň taryhyny öwrenijiler medeniýetleriň birleşýän ýeri bolan dünýä saz sungatynyň altyn hazynasynyň sazlaryny dünýä ýaýratmak üçin ellerinde barlaryny edýärler. Saz bilen bagly zehin bolsa, ähli dillere düşnüklidir. Çünki sazyň dili duýgynyň, pikiriň hem-de joşgunlylygyň dili. Ony terjime etmek hökman däl, ol öz dilinde diňleýjisine ol eseri «özi aýdyp berýär».
Nury Halmämmedowyň döredijiliginde esasy orny tutýan zatlar hem saz sungatynda ählumumy adamzat gatnaşyklaryny birleşdirýän eserleri döretmekdir. Onuň dünýä meşhur kompozitor bolmagynda ýokarda agzap geçen zatlarymyzyň ählisi jemlenendir.
Kompozitoryň haýsy eserini agzasak-da, «Şükür bagşynyň» sazymy, «Keçpelegiň» sazymy, islendik fortepiano ýa-da simfoniki eserimi, iň bärkisi, Nury Halmämmedowyň romansydyr aýdymyny-da diňe bir türkmen diňleýjisinde däl, eýsem beýleki halklaryň diňleýjilerinde-de, ilkinji gezek diňlenende hem haýran galmak mahsusdyr.
Nury Halmämmedowyň ömri gysga bolsa-da, onuň döredijiligi aýdyň we öndürijiliklidir. Kompozitoryň ýokary notalardan alýan temalary, ählumumy adamzat ýaralaryny, meselelerini, dünýäniň çar künjündäki adamlaryň, tebigatyň, janly-jandarlaryň keşbini görkezýän eserleri asyrlara nusgalykdyr. Onuň meşhurlygynyň syry-da adamzat duýgusyna ýakyn eserler döredenligi üçin bolmalydyr.
Öz döwründe hem, häzir hem ol özüniň sazynyň güýji bilen türkmen jemgyýetçiliginiň saz durmuşyna ägirt uly täsir ýetirýär.
Kompozitoryň meşhur sazlaryny diňe bir türkmen sazandalary däl, eýsem dünýäniň birnäçe ýerlerinde hem çalýarlar. Kompozitoryň sazlaryny öwrenmek, onuň derejelerine galyp bilmek, öwrenmek esasy maksady edinip tutan saz öwrenijileriň özleriniň dünýä meşhurlygy artýar. Şol hususan-da hem dünýä tejribesinde dürli halkdan bolan wekiller kompozitoryň işini öwrenýärler. Dünýäniň çar künjünde ýaňlanýan sazlaryň meşhur eýesi biziň türkmen halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Aýjemal SAPARGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.