logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Meşhur estrada ýyldyzlarynyň konserti boldy
  28.12.2022
1027
Meşhur estrada ýyldyzlarynyň konserti boldy

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň şowhunly konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de welaýat häkimligi tarapyndan guralan konserte tomaşa etmäge ýygnanan sungatyň köpsanly muşdaklary meşhur estrada ýyldyzlary Gülşat Gurdowanyň, Nurýagdy Rejebowyň, Mähri Pirgulyýewanyň, Kuwwat Çarygulyýewiň, Azat Dönmezowyň joşgunly aýdymlaryny gyzgyn garşyladylar.

Müňöwüşginli toý sahnasyndan ýaňlanan belent ruha beslenen aýdym-sazlar döwrümiziň buýsançly waspyna öwrüldi. Watan, Arkadagly Serdarymyz, asuda durmuş, päk söýgi hakdaky aýdymlar konsertiň özenini düzdi. Bu konsert meşhur sungat ussatlarynyň ildeşlerimize özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.