logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Mertlere tagzym
  09.05.2021
728
Mertlere tagzym

    Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde “Watany beýgelden mertlere tagzym!” ady bilen baýramçylyk maslahaty geçirildi. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarany Ahal welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Bilim ministligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi hem-de Ahal welaýat komiteti bilelikde gurady.

      Partiýa işjeňleriniň, bilim işgärleriniň, ýaşuly nesliň hem-de okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan maslahata gatnaşyjylar, asylly däbe eýerip, Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana ýadygärligine gül desselerini goýup, watançy esgeri hatyraladylar. Myhmanlara mekdepdäki muzeýe aýlanyp, ondaky gymmatlyklardyr maglumatlar bilen tanyşmak hem miýesser etdi.

       Mekdebiň mejlisler jaýynda şanly senä bagyşlanan baýramçylyk maslahaty öz işine başlady. Onda çykyş edenler häzirki bagtyýar döwrümiziň gadyr-gymmaty, döwlet Baştutanymyzyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary hakda söhbet açmak bilen, Berdimuhamet Annaýewiň  örän manyly ömür we durmuş ýoly, Ýeňiş üçin görkezen gaýduwsyzlygy dogrusynda durup geçdiler.