logo

Latest news:
✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦
Home / Science and Education /Mekdep okuwçylaryň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyna badalga berildi
  29.03.2024
719
Mekdep okuwçylaryň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyna badalga berildi

Hepdäniň sişenbe güni Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda, mekdep okuwçylaryň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyna badalga berildi.   

 

 

 

Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan bu halkara olimpiada gatnaşýan 120-den gowrak okuwçylary Arkadag şäheri özüniň ajaýyp goýnunda jemledi.

 

Şeýle-de 12 ýurtdan 40-a golaý professor-mugallymlar olimpiada ýardam bermek maksady bilen geldiler. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde bolup, «A» we «B» derejelerde geçirilýär. «A» derejedäki ýaryşa 20 ýaşa çenli mekdep okuwçylary, şeýle-de öz ýurdunda mekdebi tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdebiň talyby bolmadyk okuwçylar gatnaşyp bilýär. «B» derejedäki ýaryşa 15,5 ýaşdan geçmedik mekdep okuwçylary gatnaşýar. Jemi 5 sany mesele hödürlenip, her dogry we doly işlenen meselä 10 bal berilýär. Ýeňijiler altyn, kümüş, bürünç medallar hem-de 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

 

 

 

Olimpiadanyň jemi şu gün, 29-njy martda jemlener.

 

 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileni bäri sanlyja ýyl geçen hem bolsa, bu gaznanyň çäginde ýerine ýetirilýän işler oňyn netijesini aýdyň görkezýär. Gaznanyň işi ýaş nesilleriň diňe bir  sagdyn bedenli bolmaklaryny gazanmak bilen çäklenmän olaryň hemmetaraplaýyn bilimli bolmaklaryny, sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeler bilen özboluşly utgaşýar.

 

Çeşme: Nesil gazeti