logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Medeniýet – jemgyýetiň ruhy hem döredijilik baýlygy
  02.05.2023
1112
Medeniýet – jemgyýetiň ruhy hem döredijilik baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, aýdym-saz sungatymyzy, medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, şeýle-de ýaş nesilleriň döredijilik zehinini, medeniýet hem sungata bolan höwesini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler uly rowaçlyga beslenýär. Çünki milli mirasymyz, medeniýetimiz ösüp gelýän nesli watançylyk, ýokary ahlak ruhunda terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň medeni diplomatiýasy halkara giňişliginde dabaralanmak bilen, ata Watanymyzyň abraýyny pugtalandyrmaga netijeli ýardam edýär. Medeniýet ulgamyny ösdürmek türkmen döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Medeniýet ulgamynda gazanylan her bir üstünlik, milletiň ruhy-ahlak baýlygyny artdyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem belleýşi ýaly, «Medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi jemgyýetimiziň bitewüliginiň kepilidir. Çünki medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir!». Dünýä ýurtlary bilen netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler hem ýokary depginde dowam edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy bolan ÝUNESKO bilen hem netijeli gatnaşyklar ösüşe eýe boldy. Munuň özi bu abraýly gurama bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge itergi berýär. «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşulmagynyň milli medeniýetimize berilýän iňňän uly bahadygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Şu we beýleki babatda alnyp barylýan çäreler bu ulgamy mundan beýläk hem kämilleşdirmek, baý medeni mirasymyzy aýawly saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ýokary netijesiniň güwäsidir. Geçirilýän döredijilik bäsleşikleri, konsertler, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşirýat önümleriniň sergileri, döredijilik duşuşyklary taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň, bu ulgamda gazanylan üstünlikleriň uly şöhrat-şana eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler gadymy medeni däplerimizi baýlaşdyrmaga, jemgyýetiň ruhy hem-de döredijilik kuwwatyny artdyrmaga şert döredýär. 

 

Tylla MERETDURDYÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar 
sungat mekdebiniň mugallymy.