logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Mary welaýatynda geçiriler
  12.06.2022
1317
Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Mary welaýatynda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda Mary welaýatynda geçiriler. Medeni maksatnamanyň çäklerinde dürli çäreler, şol sanda maslahatlar, sungat ussatlarynyň konserti, çeper filmleriň görkezilişi we ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary, sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler, usulyýet okuwlary we beýlekiler guralar.

Şeýle hem, medeniýet hepdeliginiň çäklerinde göçme maslahatlar we sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usulyýet duşuşyklary guralar. Bulardan başga-da, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baý many-mazmunly, gyzykly çäreler geçiriler.