Aslynda halklary bir birinden tapawutlandyrýan zat şol halkyň medeniýetidir. Medeniýet diýmekligiň özi –nusga bolup galan ýörelge, kabul edilen kada-kanun diýen manyny berýär. Asyrma-asyr, nesilme-nesil geçirilip şu günki güne ýetirlen türkmen medeniýeti juda kämil derejede diýip hasaplap bileris. Türkmen gelin gyzlarynyň halk döredijiliginde tutýan orny bilen, özleriniň mährini garyp taýýarlan milli naharlary bilen, gaýtalanmajak gözelligi özünde jemlän nepiden sypaýy el işleri bilen, henekdir, ýomak gatyp berjäý edilýän türkmen toýlarynyň däp-dessurlary bilen seni çuňňur pikirlenmäne mejbur edýär. Türkmeniň çagasy heniz sallançakdaka, özge aýdymlara meňzemeýän bir heň bilen uka giýär. Oňa ene hüwdisi diýilýär. Günüň-gününe ýürekden syzlyp çykýan bu owaz sallançakdaky çaganyň ýüregne ýerleşip ruhyna siňýär. Şonuň üçinem näçe ýaşyndalygyna garamazdan diňe bir zenanlar däl gara daga deňelýän türkmen gerçekleri, aksakal ýaşulylarmyz ene hüwdisini başyny ýaýkap, jadyly owaza bagryny oýkap diňleýär. Heniz ýörjen–ýörjen gyzjagazlaryň öz gurjaklarny hüwdilemesi ene hüwdisiniň adam ruhuna siňýänliginiň subutnamasydyr. Aslynda hüwdi enäniň ýüreginden öz çagasynyň rahatlygy üçin döredilen owaz bolup ol türkmen medeniýetiniňbirje bölegidir. Aslynda türkmen haly toýdyr-baýramlara baý halk. Toý-toýlasa çar ýandan myhman gelýän türkmen halky sallançakdaky hüwdilenýän çagajygyň ilki bilen pişme toýny toýlaýar. Bu eýýäm täze doglan çagajygyň şü dünýäde sag-aman ýaşynyň uzyn bolmagy üçin berilýän sadakadyr. Toý gelen myhmanlar täze doglan çaga üçin ýagşydan ýagşy dileg ederler. Soňra diş toý, galpak toý,ýaş toý, sünnet toý, durmuş toýlary tutulýar, yna şul agzalan seneleriň arasynda welin tutuş ömür ýatyr.
Toý toýlamagyň däp-dessurlar dogrysynda söz açanmyzda ilki bilen göze ilýän zat ýüzärlik odynyň tüssedilmegidir. Ata-babalarymyzyň ynanjyna görä üzärlik gözden diledn gorar eken. Ylmyň häzirki ösen döwründe ýüzärlik otynyň mikroplary ýaýramakdan goraýandygy anyklanyldy. Ir döwürlerden bäri gelýän bu adatyň toý günlerinde amala aşyrylmagy gaty gadymdan gaýtýan däp bolup ata-babalaryymyzyň nä derejede ylymly bolandyklaryndan habar berýär. Yna türkmen agasynyň ýönekeýje bir däbiniň aňarsynda nämeler gizlenip ýatyr. Türkmeniň däp dessur bilen milli geými türkmen medeniýetiniň iň esasy iki sany sütünidir. Mähriban Arkadagymyz medeni mirasymyzy öwrenmekde, medeniýetimizi dünýä ýaýmak alyp barýan işlerinde bize ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň dünýäniň ýüzine tanalmagy üçin ädilen ynamly ädimlerdir. Şeýle saparlarda soňlanýan çäreleriň ahyrynda daşary ýurtlylaryň ählisi türkmen milli küşdepdi sazyna goşulyp tans etmegi türkmen medeniýetiniň jadysyna düşmeklik üçin türkmen bolup dogulmagyň esasy zat däldigini görkezýär. Hawwa türkmen medeniýetine düşünmeklik üçin sähra ýaly giň, bulutsyz asman kimin arassa kalbyň bolmaly. Çünki biziň ata-bablarymyz watançy halk bolup hemişe ene toprakdan ylham alypdyrlar. Yna şonuň üçinem türkmen gelin gyzlarynyň el keşdelerine ýüregiň gözi bilen seredeňde türkmen sährasyny, dagyny derýasyny, çölini-dersini görersiň. Şeýle jadyly dünýäni Alym arkadagymyz üç sözde jemläp “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýip atlandyrýar.
Ynha bu gün türkmen halky ýene-de toýly günleriň bosagasynda dur. “Medeniýet we sungat işgäleriniň güni” diýip, atlandyrylýan bu senede ýörite bäsleşikler geçirler, bagşylar öz aýdymlaryny , şahyr goşgysyny , sazanda öz mukamlaryny toý sowgady hökmünde alyp gelerler. Ýene gazma dutar heň eder, tüýdikler çalnar, gyjaklar syhalar, türkmen agasynyň ak öýleri dikilip, kyrk gulakly gazanlary atarlyp, atlar çapdyrlyp, göreşler tutylyp, läle kakylar, küşt depiler. Bu adat asyrlardan şu güne çenli, şu gündenem asyrlara çenli dowam etjek türkmen medeniýetidir.