logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /Medeniýet halkyň kalby
  24.11.2022
1020
Medeniýet halkyň kalby

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek barada düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyz milli medeniýetimizi, taryhymyzy, ylmy we bilimi, dünýäniň birnäçe döwletleri bilen medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Mähriban halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgelerimiziň dünýä nusgalykdygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, «Görogly» şadessanynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans sungatynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi halkymyzyň döredijilik ussatlygyndan habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda yzygiderli tagallalar edilýär.

Medeniýetiň, sungatyň kämilligi halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlygynyň belentligi bolup, olaryň ösdürilmegi taryhymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň, mirasymyzyň galkynmagyna getirýär. Her bir ýyly şanly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýän ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň barha baýlaşdyrylmagy, medeniýetimize, sungatymyza belent hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda özara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. Merdana halkymyzyň şöhratly geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýup, olary gorap saklamak, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwretmek we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler hem özüniň oňyn netijesini berýär.

Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ç.Nobatowa