logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Medeni ösüşiň gadymy ojagy
  06.03.2023
832
Medeni ösüşiň gadymy ojagy

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Merw Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolmak bilen, ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm ýer bolup hyzmat edipdir. Bu gadymy şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bolup, ol medeni-syýasy merkezleriniň biridir. Grek çeşmelerinde «Margiana», gadymy pars ýazgylarynda «Marguş» ady bilen tanalýan Gadymy Merw dünýä alymlary tarapyndan dünýäniň gadymy bäşinji medeniýet ojagy hökmünde ykrar edildi. Gadymy Merw baradaky köp maglumatlary IX-X  asyrlaryň arap ýazuw çeşmelerinde tapmak bolýar. Merw taryhda gadymy belli iri şäher bolmak bilen  çäklenmän, eýsem, ol iri kitaphanalary bilen hem meşhur bolupdyr. bu kitaphanalar ylmyň ösmegine uly itergi beripdir. Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär.

Medeni mirasymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi gorap saklamak we dünýä ýaýmak ugrunda Türkmenistan ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan  ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işler ýola goýulýar. Häzirki wagtda bu abraýly sanawa Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, Türkmen milli halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», türkmen keşdeçilik sungaty girizildi. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda umumadamzat medeniýetine goşant goşan maddy hem-de maddy däl medeni mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak we olary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni miraslarynyň sanawyna girizmek babatda alnyp barylýan uly işler halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýýan tutumly başlangyçlaryň rowaçlanmasydyr. 

 

Melike MURADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.