Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Medeni mirasymyzy gorap saklamakda halkara hyzmatdaşlygynyň orny
  21.02.2023
692
Medeni mirasymyzy gorap saklamakda halkara hyzmatdaşlygynyň orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny, däp-dessurlaryny gorap saklamak, olary ylmy esasda çuňňur öwrenmek we täzeden dikeltmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkymyzyň baý milli medeniýeti, däp-dessurlary, şöhratly geçmiş taryhy bar. Merdana halkymyz asyrlaryň dowamynda döreden şol milli ruhy hem-de medeni gymmatlyklary bilen tutuş adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşandyny goşan halkdyr. Häzirki wagtda halkymyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimizde milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi, medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmeginde netijeli başlangyçlar ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiz şu günki güne çenli ençeme döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Türkmenistan ýurdumyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan «ÝUNESKO» bilen hem giň möçberli hyzmatdaşlyk saklaýar.

Ýurdumyz bu abraýly guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edildi. Bu gurama geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde tutuş dünýä ähmiýetli ençeme işleri alyp barýar. Guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan we goşulýan gymmatly maddy ýa-da maddy däl medeni gymmatlyklary, tebigy ýadygärlikleri goramakdan we içgin öwrenmekden ybaratdyr. Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça Gadymy Merw, Köneürgenç şäheri, Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, Küştdepdi tansy, türkmen halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty» hem goşuldy. Şol sanda bu günki günde halkymyzyň naýbaşy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary bu sanawa girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalaryna we köptaraplaýyn şertnamalaryna gatnaşýar. Degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyz medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini gorap saklamak we dünýäde giň gerimli medeni gatnaşyklary ösdürmek babatdaky işler hem giň gerime eýe bolýar.  Biz hem, paýhasly ata-babalarymyzyň döreden milli ýörelgelerinden ugur alyp, medeni mirasymyzy gorap saklamak, dikeltmek we ylmy taýdan öwrenmek ugrunda öz mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. 

 

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Jemgyýeti öwreniş ylymlary 
kafedrasynyň mugallymy.