logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Culture /Medeni gymmatlyklar - halkyň ruhy baýlygy
  17.01.2024
767
Medeni gymmatlyklar - halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyk derejede abatlamak işlerine aýratyn uly ähmiýet berlip, milli gymmatlyklarymyz döwrebap görnüşde yzygiderli dikeldilýär hem-de baýlaşdyrylýar.  Ýurdumyzyň bu ugurda ÝUNESKO bilen 30 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk alyp barmagy hem halkymyzyň şu günki we geljekki ösüşleriniň berk binýadyny ata-babalarymyzyň geçen ýoluny ýörelge edinmek arkaly gurýandygyny aýdyň äşgär edýär.

 

 

Dünýä jemgyýetçiligne mälim bolşy ýaly, Türkmen topragy adamzat medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan siwilizasiýalaryň gadymy mesgeni bolupdyr. Muny diýarymyzyň dürli künjeklerinde gadymy taryhyň yzlaryny özünde saklaýan arheologik ýadygärlikleriň 2 müňe golaýynyň saklanyp galmagy-da doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw, Kerki, Köne Sarahs, Gadymy Dehistan, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärliklerimiz häzirki wagtda döwlet taryhy-medeni goraghanalary derejesine eýe bolup, “Aýratyn goralýan ýerler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda goranyp saklanýar. Halkymyzyň geçmişden miras galan medeni-tebigy gymmatlyklaryň geljek döwür üçin aýawly saklanmmagy, bu ugurda giň gerimli halkara nedeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyklaryň yzygiderli alnyp barylmagy jemgyýetimiziň barha kämilleşmegine, döredijilikli zähmet çekmeklige giň ýol açýar.

 

 

Güljeren ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.