logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Medeni-döredijiligiň gülläp ösýän paýtagty
  28.02.2023
787
Medeni-döredijiligiň gülläp ösýän paýtagty

Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyklary saklaýar. Bu ugurda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen alyp barýan netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, diýarymyzyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi bu sanawa girizildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu döredijilik tory 2004-nji ýylda döredilen özboluşly taslama bolup, ol medeni köpdürliligiň goraglylygyna ýardam berilmegine itergi berýär. Şeýle hem amaly-haşam we halk sungaty, dizaýn, kinematografiýa, edebiýat, media sungaty we saz ýaly ulgamlar boýunça şäherleriň döredijilik mümkinçiliklerini şöhlelendirýän bu taslama dünýäniň şäherleriniň durnukly ösüşinde innowasiýalaryň we döredijilik aýratynlyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermeklige ähmiýet berýär. Häzirki wagtda döredijilik aýratynlyklary bilen utgaşdyrylan şäherler medeni döredijilikli ulgamlarynyň ösdürilmegi, bu ugurdaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi we medeniýetiň şäherleriň durnukly ösüşiniň kämil tejribelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheri – ýurdumyzyň ýüregi, ata Watanymyzyň baş şäheridir. Ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip hem ykrar edilendir.

Ýadyňyzda bolsa, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäherimiz ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi jebisligiň, milli döwletliligiň mizemez binýadyna öwrülen paýtagtymyzyň dünýä derejesinde şöhratlanýandygyny äşgär edýär. Şeýle-de gözel Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda özüniň kaşaň binalary bilen ençeme gezek orun alandyr. Bu günki günde Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, sport we medeni merkezidir, onuň halkara derejesinde ýeten belent derejesi ýurdumyzyň abraý-mertebesidir. 

 

Çemen ÇERKEZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.