logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /Medeni diplomatiýa dabaralanýar
  28.02.2023
1188
Medeni diplomatiýa dabaralanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň halkara derejesinde öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda medeniýet edaralary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, muzeýler, teatrlar, kitaphanalar, ylmy merkezler halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny dünýäde giňden wagyz etmäge, türkmen medeniýetiniň we halk döredijiliginiň özboluşlylygyny beýan etmäge ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasydyr. Halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek işine döwlet derejesinde uly ünsüň berilmegi netijesinde ýurdumyzyň medeniýetiniň maddy binýadyny ösdürmekde uly netijeler gazanyldy. Türkmenistan Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmak bilen, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek babatda giň gerimli işleri yzygiderli geçirýär. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, milli gymmatlyklarynyň ençemesi girizilip, geljekde bolsa özboluşly şäherleriniň Ählumumy toruna «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de «Senetler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabat şäherini, geljekde bolsa «Edebiýat» diýen ulgamda Mary şäherini hem girizmäge taýýarlamak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Esasy bellemeli zatlaryň ýene-de biri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO-nyň kafedrasynyň döredilmegi bolup durýar. Mundan başga-da, ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny bu sanawa goşmak boýunça degişli işler geçirilýär. Atçylygyň we itşynaslygyň milli usullarynyň we däpleriniň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilmegi türkmen halkynyň döredijilik durmuşynyň dünýä medeniýetini döretmäge goşan goşandyny açyp görkezmek bilen bu ugurdaky medeni diplomatiýany has-da rowaçlandyrýar.  

 

Aýhan DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.