logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Maý aýynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler
  23.04.2022
911
Maý aýynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler

Maý aýynda ýurdumyzda medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary geçiriler.

Hususan-da, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maý aýynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we beýleki mowzuklaýyn çäreler guralar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlary hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlary geçiriler.

Oraza baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli hem medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de 12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Aýyň soňky ongünlüginde ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwaly geçiriler. Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly däp bolan köpugurly halkara sergi, haly we haly önümleriniň sergisi guralar.