logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Nature /Mawy çürçüri
  13.09.2023
847
Mawy çürçüri

Guşlar dünýäsiniň owadan wekilleriniň biri bolan mawy çürçüri (latynça, Cyanocitta cristata. Rusça, голубая сойка) Gargalar (latynça, Corvidae) maşgalasyna degişli saýrak guşdur.

 

Kanada, Kolumbiýa we ABŞ sebitleri mawy çürçüriniň ýaşaýan arealydyr. Bu guşuň beden uzynlygy 30 santimetr töweregi bolup, ganatlarynyň gerimi 42 santimetre golaýdyr. Bedeniniň massasy 70-100 gram aralygynda üýtgeýär. Mawy çürçüriniň häsiýetli aýratynlygy onuň bedeniniň arka böleginiň mawy reňkde bolmagydyr. Bu guşuň kellesinde gysga gök ýa-da melewşe reňkli hüpügi bolýar. Gözleriniň töwereginde gara halkasy, boýnunda  bolsa monjuga meňzeş gara reňkli zolagy bardyr. Guýrugynda gök, gara we ak reňklerden düzülen nagşy bar. Ak we gara reňkli zolaklary bolan uzyn guýrugy bar. Mawy çürçüriniň berk, gara reňkli çüňki gaty gabykly däneleri we tohumlary çokap iýmäge ýardam edýär. Bu guşuň horazlary we mäkiýanlary birmeňzeş keşbe eýe, ýöne beden ölçegi boýunça horazlary birneme ulurak. Boýny we bedeniniň aşaky bölegi çalymtyl-ak reňklidir. Ýaňaklary ak, penjeleri we gözleri garadyr. Guýrugynyň uzynlygy 13 santimetre çenli ýetýär. 

 

Mawy çürçüri gaty owadan guşdur. Ol tebigy şertlerde 10-18 ýyl töweregi ýaşamaga ukyplydyr. Mawy çürçüri özünden ýakymly owazly sykylyk ýaly, jaňjagazyň we gyrgynyň sesine meňzeş dürli hili sesleri çykaryp bilýär. Howp abanan mahaly ol gaty gygyrýar. 

 

Mawy çürçüri köplenç ýaprakly tokaýlarda, seýilgählerde, baglarda we ilatly ýerlerde ýaşaýar. Iri ýyrtyjy guşlar onuň ganym duşmanydyr. Mawy çürçüri ösümlik we haýwan gelip çykyşly iýmitler bilen iýmitlenýär. Özi beýleki guşlaryň tutan awyny alyp iýmegi halaýar. Ýaz aýlary gyş üçin ätiýaç iýmit taýýarlap,  gaçan ýapraklaryň we topragyň aşagynda, agaç gabyklarynyň arasynda gizleýär. Bu guş öz ýaşaýan ýerini taşlap, başga ýere göçüp gitmegi halamaýar. 

 

Çürçüriniň bu görnüşi örän mekir, akylly, hilegär guş. Öz ýaşaýan çäginde jübüt  ýa-da kiçijik topar bolup ýaşaýar. Mawy çürçüri ýylyň dowamynda 1 ýa-da 2 nesil bermäge ukyplydyr.
 

Aýgül KAKYŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak 
(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň talyby.