logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /"Maksat"- Aşyrmät GARLYÝEW
  28.08.2023
967
"Maksat"- Aşyrmät GARLYÝEW

Bir alada ýapyşyp dur bagryma,
Adamlara kömek edesim gelýär. 
Arzuw-isleg sygarly däl şygryma,
Adamlara kömek edesim gelýär.

 

 

Haýsy waka alyp gitdi şatlygmy,
Hemmeler geň görýär – tukatlygymy.
Subut etmek üçin adamzatdygmy
Adamlara kömek edesim gelýär.

 

 

Asmanyň dagynyk buludy ýaly,
Dagynyk käsiniň pikir-hyýaly,
Birine dert bolýar biriniň aly
Adamlara kömek edesim gelýär.

 

 

Bagtly, bagtsyz bolup dogmandyr her kim,
Soň döreýär ahyr bu zatlaň şerti,
Tebigatyň şasy – Zeminiň görki,
Adamlara kömek edesim gelýär. 

 

 

Galplyk bilen çykartmaryn
                               Ýazmaryn.
Hiç adamy erbetlige dözmerin.
Bu durmuşda ýagşylykdyr gözlegim
Adamlara kömek edesim gelýär.