logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Magtymguly — ynsan köňlüniň çyragy
  05.06.2023
1117
Magtymguly — ynsan köňlüniň çyragy

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň hasaplanýar. Halkyň ýüregine özüniň ajaýyp paýhasa öwrülen setirleri bilen ýol salmagy başaran beýik akyldaryň dürdäneleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hümmeti egsilmejek hazyna hasaplanylýar. Pyragynyň durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Onuň nakyla öwrülen setirleri häzirki döwürde hem ynsan üçin hakyky öwüt-ündew çeşmesi bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyryň şygyrlarynda dost-doganlyk temasy hem öz mynasyp ornuny tapypdyr.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň halkara derejesinde toýlanjak günleriniň öňüsyrasynda şahyryň özboluşly, pähim-paýhasa ýugrulan köpröwüşli edebi mirasynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendiginiň ýene bir ýola şaýady bolýarsyň. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirip bolmaz, çünki şahyr hemişe özünden öňki akyldarlaryň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, özüniň ölmez-ýitmez eserlerini döredipdir.

Magtymgulynyň türkmeniň edebi güýçlerini bir ýere jemläp, özünden soňky nusgawy we döwürdeş şahyrlarymyza gaýybana halypalyk edendigi hem ylymda kän gezekler ykrar edildi. Onuň döreden kämil edebi mekdebi özünden soňky döwürde, şol sanda häzirki zaman edebiýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky kämil pikirleriň ösdürilişi Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly meşhur nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem şamçyrag bolup nur saçýar.

Türkmen halkynyň baý söz medeniýetini dünýä ýaýmaga ýardam edýän mähriban Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet we dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Enejan BURINOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.