logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly zehin bäsleşigi yglan edildi
  25.01.2023
934
«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly zehin bäsleşigi yglan edildi

Bäsleşigiň düzgünnamasy 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Uly ruhubelentlik hem-de päk arzuw-niýetler bilen gadam basan täze ýylymyz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylyp, şanly ýyl nurana geljegimiz baradaky çäksiz aladalardan gözbaş alýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky Kararyndan ugur alyp, beýik akyldaryň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi, ynsanperwerligi, päk ahlaga, watansöýüjilige ýugrulan şygyrlary, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýazyjy-şahyrlarynyň beýik söz ussadyna bagyşlap döreden goşgularyny, hekaýalaryny, şahyrana oýlanmalaryny, poemalaryny we şahyryň edebi ýadygärligi bilen bagly rowaýatlary, tymsallary giňden beýan etmek, dürli kärde zähmet çekýän okyjylarymyzyň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, esasan-da, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly zehin bäsleşigini yglan edýär. 

Bäsleşigiň şertleri

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň»
 ady bilen geçiriljek bäsleşige Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir raýaty öz döreden çeper eserleri, ýagny hekaýalardyr şahyrana oýlanmalary, poemalary, rowaýatlardyr tymsallary, goşgulary bilen gatnaşyp biler. Bäsleşige iberilýän eserlerde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi giň beýanyny tapmalydyr. Žanr aýratynlygyna üns berilmelidir.  

Bäsleşigiň jemini jemlemek 

Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowulary «Zenan kalby» žurnalynda yzygiderli çap edilip, olara baha bermek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary düzülýär. Iberilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş, žanr aýratynlygyna üns berler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener. Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan çeper eserler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän çeper eserleriň ýanynda oňa gatnaşyjy baradaky maglumatlar, salgylar we 3x4 ölçegli fotosurat bolmalydyr. 

Bäsleşige hödürlenýän çeper eserleri şu salga ibermeli:
Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany,
«Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy, 

E-mail salgymyz: zenankalby-zurnaly@online.tm